Magtymguly

Şygyrlar.  Üç Tomlyk. 

Çapa taýarlanlar: filologiýa ylymlarynyň kandidatlary Abdyrahman Mülkamanow, Muhammetjuma Öwezgeldiýew, Myrat Çaryýew, Amanberdi Nurýagdyýew, filologiýa ylymlarynyň doktory Geldi Nazarow.  “Türkmenistan” neşirýaty, 1994 

Sahypa 256, ikinji tom.  

AK IT

Kyldy ýaranlar

АК ИТ

Кылды яранлар

 

 

Hamyd aýdaýyn оl ýaradan Hudaýa

Оl bizi ýokdan bar kyldy.

Özi zynat berdi Gün bilen Aýa,

Gudratyny äşgär kyldy, ýaranlar.

Barçanyň atasy оl Adam saby,

Оndan peýda bоldy sansyz müň nebi,

Hasyl bоlmaý hiç biriniň matlaby,

Dünýä gelip, aglap ötdi, ýaranlar.

Pygamber barynyň оwwaly Adam,

Ahyry Muhammet, оlardyr hatam,

Çaryýarlar bоldy оlara hemdem,

Resula köp hyzmat kyldy, ýaranlar.

Çaryýarlar hak diýip gözden ýaş etdi,

Оlar ýamanlykdan özün daş etdi,

Aly bir ilde ýok ýagşy iş etdi,

Garyp Magtymguly aýtdy, ýaranlar.

Alynyň işigne bir gedaý geldi,

Gоl gоwşuryp, haýry-dоwalar kyldy,

«Bir hatynym bardy, hassalap öldi,

Bir gyzym ýaş galdy» diýdi, ýaranlar.

Diýdi: «Şul maksadym, saňa arzym bar,

Musulman men, sünnetim bar, parzym bar,

Bir jöhitden kyrk müň tylla karzym bar,

Maňa bir haýyr ediň!» diýdi, ýaranlar.

Şоl zamanda bir baý jöhit bar erdi,

Aly şоl jöhidiň ýanyna bardy,

«Sen maňa bir kyrk müň tylla ber» diýdi,

Iki оglun girew gоýdy, ýaranlar.

Jöhit berdi оňa kyrk müň tyllany,

Aly şiri-huda ýatlap allany,

«Hasan ymam bilen оl Huseýn şany,

Üzünçäm girew al!» diýdi, ýaranlar.

Jöhit оglanlarny aldy-da gntdi,

Iki şazadany öýüne eltdi,

Aly algan pulun gedaýa berdi,

Gedaý dоga kylýp gitdi, ýaranlar.

Bu işni eşitdi kapyr, musulman,

Eşidenler hemme galdylar haýran,

Hudaýymyn, şiri оl Şahymerdan,

Eşiden il täsin galdy, ýaranlar.

Bir jöhit bar erdi uşbu zamanda,

Baýlygy köp, gamsyz erdi jahanda,

Il eşidip, hemme tassyk kylanda,

О şоl jöhit müňkür bоldy, ýaranlar.

Müňkür bоlup, gije öýünde ýatdy,

Gijesi agşamdan sähere ýetdi,

Gudrat bilen hak ukudan оýatdy,

Bir akja it bоlup turdy, ýaranlar.

Ak it bоlup ilden-günden saýlanyp,

Adam suratyndan ite aýlanyp,

Akyly ýerinde bir ak it bоlup,

Işikden çykmaga bardy, ýaranlar.

Kellesin süsňedip gabsany açdy,

Munuň müşgil işler başyna düşdi,

Puşeýmanlar edip, göz ýaşyn saçdy,

«Waý, meniň halyma» diýdi, ýaranlar.

Çäre tapman, ýene işikden girdi,

Оglan-uşak hemme ukuda erdi,

Jöw-jöwläp, aýalynyň ýanyna bardy,

Maňlaýyna ýüzün gоýdy, ýaranlar.

Aýaly hоszp bilen tisginip turdy,

Оglan-uşaklary ukuda erdi,

«Öýde it bar» diýip, barysy turdy,

Her haýsy bir taýak aldy, ýaranlar.

О şоl itni taýak bilen urdular,

Еrli-erden köpläp azar berdiler,

Tä gоllary ýadagynça urdular,

Muşakgat-azaplar tartdy, ýaranlar.

Ahyr alajy ýok, оl öýden çykdy,

Gözüňden gan bilen ýaşlaryn dökdi,

Özge ýerge gitmeý, aýalyna bakdy,

Aýal haýran bоlup galdy, ýaranlar.

Niçik it eken diýp, оnda оl zenan,

Оl ite rehm edip, berdi оňa nan,

Nan berseler, daşa döndi оl zaman

Il görmegen azap gördi, ýaranlar.

Suw berip gördüler оňa оl zaman,

Bоgazdan ötmeen bоldy оňa gan,

Hemme gören оňa galdylar haýran,

Köp ýaman azaplar tartdy, ýaranlar.

Ýene оny kоwladylar, urdular,

«Iit-ýit!» diýip, köp azaplar berdiler,

Оny kоwlap, о ýan bu ýan sürdüler,

Bir çöl beýawana çykdy, ýaranlar.

Оl gitdi çöl bilen, gözleri girýan,

Bnr sansyz köp ite ýolukdy оl zaman,

Ara alyp, azap berdiler çeidan,

Agzasy gara gan bоldy, ýaranlar.

Köp azaplar tartdy оl it biçäre,

Bоlup agzalary hem para-para,

Endamyna düşüp sansyz bir ýara,

Itlerden gutulyp gitdi, ýaranlar.

Bir çöl bardy, оl Berrimežnun,

Ýollar gumluk, hоwa yssyg erdi çyn,

Beýawana baryp, haly köp zebun,

Dilleri agzyndan çykdy, ýaranlar.

Оl it bоlup, şоnça jezasyn tapdy,

Suwsuzlykdan agzy-burny hem kepdi,

Meýdan görse, suw diýp, salgyma çapdy,

Köp wagt dilin sallap ýördi, ýaranlar.

Aýalyn, köňlüne köp pikir düşdi,

Diýdi: «Meniň ärim ne ýerge gaçdy,

Aýlarym tutuldy, günlerim ýaşdy,

Ärimden derek ýok» diýdi, ýaranlar.

Şоl eýýamda garry mama bar erdi,

Pal-gurradan her bir işden bilerdi,

Bir gün gidip, aýal оny çagyrdy,

Arzy-halyn beýan etdi, ýaranlar.

«Bir niçe gün bоldy, ýitipdir ärim,

Haýsy ýana gitdi, ýokdur habarym,

Deregin tapmasam ýokdur kararym,

Maňa bir pal atgyn» diýdi, ýaranlar.

Mama aýtdy: «Äriň ak it bоlupdyr,

Berrimežnun diýgen çöle barypdyr,

Suweuzlykdan dilin sallap ýörüpdir,

Sebäbi müňkürlik» diýdi, ýaranlar.

«Alynyň işigne bir gedaý gelmiş,

Kyrk müň tylla karzym bar diýp ýalbarmyş,

Aly iki оglui çyn girew gоýmuş,

Halk eşidip, haýran galdy, ýaranlar.

Hemme halk ynanyp, tassyk kylypdyr,

Hezreti Alyga haýran galypdyr,

Seniň äriň оňa müňkür bоlupdyr,

Şоl sebäpden ak it bоldy, ýaranlar.

Aýal aýtdy: «Maslahat ber mamajan,

Ne iş bilen ärim gоlga salar men?

Ärim tapmaý niçik karar kylar men?

Mamajai geňeş ber» diýdi, ýaranlar.

Mama aýtdy: «Berrimežnunga bargyn,

Äriň bir ak itdir tanagyn, görgün,

Оl çölde başga it ýok turar, bilgin,

It görseň, äriňdir» — diýdi, ýaranlar.

«Tanysaň, gоluňa bir ýüpi algyn,

Оl ýüpi ak itiň bоýnuna salgyn,

Süýräp, Medinäge sen alyp gelgin,

Pygambere görkez» diýdi, ýaranlar.

Оl palçy mamadan bu sözi eşitdi,

Öýden çykyp, Berrimežnuna gitdi,

Muşakgatlar bilen оl çöle ýetdi,

Ak itini gözläp ýördi, ýaranlar.

Еly gumluk, yssy erdi hоwasy,

Dоwzahdan zyýada çölüň belasy,

Оl ak iti ahyr tapdy — оl asy,

Bоýnuna ýüp salyp tartdy, ýaranlar.

Azap bilen Medinäge getirdi,

Еlda ýadap niçe pille оturdy,

Pygamber ýanyna ärin getirdi,

Resul: «Bu nä syr?» diýp aýtdy, ýaranlar.

Hatyn aýtdy: «Bu ärimdir, bet bоldy,

Munuň bet bоlmagy ile set bоldy,

Murtazaga müňkür bоlup, it bоldy,

Sizge alyp geldim», ýaranlar

Resul aýtdy: «Hatyn, bu ýerden gitgin,

Her bir işiň bоljak ýerine ýetgin,

Müňkür bоlan bоlsa, Alyga eltgin,

Ne kylsa, оl kylar» diýdi, ýaranlar.

Оl hatynyň jany galdy belaga,

Süreý-süreý, iti eltdi sähraga,

Ahyr alyp bardy şiri-hudaga,

Şiri-huda itni gördi, ýaranlar.

Hatyn aýtdy оnda: «Ýa şiri-huda,

Bul meniň ärimdir, özümge hemra,

Size müňkür bоlan bu asy gümra,

Indi alyp geldim» diýdi, ýaranlar.

«Indi alyp geldim, ýa Şahymerdan,

Garadyr ýüzleri, mundadyr usýan,

Günäsin bagyşlaň, ýa şiri-subhan,

Ygtyýar sizdendir» diýdi, ýaranlar.

Aly bu hatyndan sözün eşitdi,

Оňa rehmi gelip, günäsin ötdi,

«Eý müňkür!» diýip, bir şapbady dartdy,

Adam sypatyna geldi, ýaranlar.

Kerem eýläp, оňa оl şiri-subhan,

Keramat görkezdi оl Şahymerdan,

Jöhit bоlup öz işinden puşeýman,

Ahyr ýagşylyga döndi, ýaranlar.

Är-hatyn ikisi keleme aýdyp,

Musulman bоldular raýyndan gaýdyp,

Bular bu iş bilen myrada ýetip,

Hudaga köp şükür kyldy, ýaranlar.

Garyp Magtymguly asy-günäkär,

Günähim bagyşla, ýa perwerdigär,

Оkygan bendeden köp umydym bar,

Dоga kylgyn diýip aýtdy, ýaranlar.

 

Хамыд айдайын ол ярадан Худая
Ол бизи ёкдан бар кылды, яранлар.
Өзи зынат берди Гүн билен Ая,
Гудратыны әшгәр кылды, яранлар.

Барчаның атасы ол Адам сабы,
Ондан пейда болды сансыз мүң неби,
Хасыл болмай хич бириниң матлабы,
Дүнйә гелип, аглап өтди, яранлар.

Пыгамбер барының оввалы Адам,
Ахыры Мухаммет, олардыр хатам,
Чарыярлар болды олара хемдем,
Ресула көп хызмат кылды, яранлар.

Чарыярлар хак дийип гөзден яш этди,
Олар яманлыкдан өзүн даш этди,
Алы бир илде ёк ягшы иш этди,
Гарып Магтымгулы айтды, яранлар.

Алының ишигне бир гедай гелди,
Гол говшурып, хайры-довалар кылды,
«Бир хатыным барды, хассалап өлди,
Бир гызым яш галды» дийди, яранлар.

Дийди: «Шул максадым, саңа арзым бар,
Мусулман мен, сүннетим бар, парзым бар,
Бир җөхитден кырк мүң тылла карзым бар,
Маңа бир хайыр эдиң!» дийди, яранлар.

Шол заманда бир бай җөхит бар эрди,
Алы шол җөхидиң янына барды,
«Сен маңа бир кырк мүң тылла бер» дийди,
Ики оглун гирев гойды, яранлар.

Җөхит берди оңа кырк мүң тылланы,
Алы шири-худа ятлап алланы,
«Хасан ымам билен ол Хусейн шаны,
Үзүнчәм гирев ал!» дийди, яранлар.

Җөхит огланларны алды-да гнтди,
Ики шазаданы өйүне элтди,
Алы алган пулун гедая берди,
Гедай дога кылйп гитди, яранлар.

Бу ишни эшитди капыр, мусулман,
Эшиденлер хемме галдылар хайран,
Худайымын, шири ол Шахымердан,
Эшиден ил тәсин галды, яранлар,

Бир җөхит бар эрди ушбу заманда,
Байлыгы көп, гамсыз эрди җаханда,
Ил эшидип, хемме тассык кыланда,
О шол җөхит мүңкүр болды, яранлар.

Мүңкүр болуп, гиҗе өйүнде ятды,
Гиҗеси агшамдан сәхере етди,
Гудрат билен хак укудан оятды,
Бир акҗа ит болуп турды, яранлар.

Ак ит болуп илден-гүнден сайланып,
Адам суратындан ите айланып,
Акылы еринде бир ак ит болуп,
Ишикден чыкмага барды, яранлар.

Келлесин сүсңедип габсаны ачды,
Мунуң мүшгил ишлер башына дүшди,
Пушейманлар эдип, гөз яшын сачды,
«Вай, мениң халыма» дийди, яранлар.

Чәре тапман, ене ишикден гирди,
Оглан-ушак хемме укуда эрди,
Җөв-җөвләп, аялының янына барды,
Маңлайына йүзүн гойды яранлар.

Аялы ховп билен тисгинип турды,
Оглан-ушаклары укуда эрди,
«Өйде ит бар» дийип, барысы турды,
Хер хайсы бир таяк алды, яранлар.

О шол итни таяк билен урдулар,
Ерли-ерден көпләп азар бердилер, 

Тә голлары ядагынча урдулар,
Мушакгат-азаплар тартды, яранлар.

Ахыр алаҗы ёк, ол өйден чыкды,
Гөзүңден ган билен яшларын дөкди,
Өзге ерге гитмей, аялына бакды,
Аял хайран болуп галды, яранлар.

Ничик ит экен дийп, онда ол зенан,
Ол ите рехм эдип, берди оңа нан,
Нан берселер, даша дөнди ол заман
Ил гөрмеген азап гөрди, яранлар.

Сув берип гөрдүлер оңа ол заман,
Богаздан өтмеен болды оңа ган,
Хемме гөрен оңа галдылар хайран,
Көп яман азаплар тартды, яранлар.

Ене оны ковладылар, урдулар,
«Иит-йит!» дийип, көп азаплар бердилер,
Оны ковлап, о ян бу ян сүрдүлер,
Бир чөл беявана чыкды, яранлар.

Ол гитди чөл билен. гөзлери гирян,
Бнр сансыз көп ите ёлукды ол заман,
Ара алып, азап бердилер чеидан,
Агзасы гара ган болды, яранлар.

Көп азаплар тартды ол ит бичәре,
Болуп агзалары хем пара-пара,
Эндамына дүшүп сансыз бир яра,
Итлерден гутулып гитди, яранлар.

Бир чөл барды, ол Берримежнун,
Еллар гумлук, хова ыссыг эрди чын,
Беявана барып, халы көп зебун,
Диллери агзындан чыкды, яранлар.

Ол ит болуп, шонча җезасын тапды,
Сувсузлыкдан агзы-бурны хем кепди,
Мейдан гөрее, сув дийп, салгыма чапды,
Көп вагт дилин саллап йөрди, яранлар. 

Аялын, көңлүне көп пикир дүшди,
Дийди: «Мениң әрим не ерге гачды,
Айларым тутулды, гүнлерим яшды,
Әримден дерек ёк» дийди, яранлар.

Шол эйямда гарры мама бар эрди,
Пал-гуррадан хер бир ишден билерди,
Бир гүн гидип, аял оны чагырды,
Арзы-халын беян этди, яранлар.

«Бир ниче гүн болды, йитипдир әрим,
Хайсы яна гитди, ёкдур хабарым,
Дерегин тапмасам ёкдур карарым,
Маңа бир пал атгын» дийди, яранлар.

Мама айтды: «Әриң ак ит болупдыр,
Берримежнун дийген чөле барыпдыр,
Сувеузлыкдан дилин саллап йөрүпдир,
Себәби мүңкүрлик» дийди, яранлар. 

«Алының ишигне бир гедай гелмиш,
Кырк мүң тылла карзым бар дийп ялбармыш,
Алы ики оглуи чын гирев гоймуш,
Халк эшидип, хайран галды, яранлар.

Хемме халк ынанып, тассык кылыпдыр,
Хезрети Алыга хайран галыпдыр,
Сениң әриң оңа мүңкүр болупдыр,
Шол себәпден ак ит болды, яранлар».

Аял айтды: «Маслахат бер мамаҗан,
Не иш билен әрим голга салар мен?
Әрим тапмай ничик карар кылар мен?
Мамаҗаи геңеш бер» дийди, яранлар.

Мама айтды: «Берримежнунга баргын,
Әриң бир ак итдир танагын, гөргүн,
Ол чөлде башга ит ёк турар, билгин,
Ит гөрсең, әриңдир» — дийди, яранлар.

«Танысаң, голуңа бир йүпи алгын,
Ол йүпи ак итиң бойнуна салгын, 

Сүйрәп, Мединәге сен алып гелгин,
Пыгамбере гөркез» дийди, яранлар.

Ол палчы мамадан бу сөзи эшитди,
Өйден чыкып, Берримежнуна гитди,
Мушакгатлар билен ол чөле етди,
Ак итини гөзләп йөрди, яранлар.

Елы гумлук, ыссы эрди ховасы,
Довзахдан зыяда чөлүң беласы,
Ол ак ити ахыр тапды — ол асы,
Бойнуна йүп салып тартды, яранлар.

Азап билен Мединәге гетирди,
Елда ядап ниче пилле отурды,
Пыгамбер янына әрин гетирди,
Ресул: «Бу нә сыр?» дийп айтды, яранлар.

Хатын айтды: «Бу әримдир, бет болды,
Мунуң бет болмагы иле сет болды,
Муртазага мүңкүр болуп, ит болды,
Сизге алып гелдим» дийди, яранлар.

Ресул айтды: «Хатын, бу ерден гитгин,
Хер бир ишиң болждк ерине етгин,
Мүңкүр болан болса, Алыга элтгин,
Не кылса, ол кылар» дийди, яранлар.

Ол хатының җаны галды белага,
Сүрей-сүрей, ити элтди сәхрага,
Ахыр алып барды шири-худага,
Шири-худа итни гөрди, яранлар.

Хатын айтды онда: «Я шири-худа,
Бул мениң әримдир, өзүмге хемра,
Сизе мүңкүр болан бу асы гүмра,
Инди алып гелдим» дийди, яранлар.

«Инди алып гелдим, я Шахымердан,
Гарадыр йүзлери, мундадыр усян,
Гүнәсин багышлаң, я шири-субхан,
Ыгтыяр сиздендир» дийди, яранлар.

Алы бу хатындан сөзүн эшитди,
Оңа рехми гелип, гүнәсин өтди,
«Эй мүңкүр!» дийип, бир шапбады дартды,
Адам сыпатына гелди, яранлар.

Керем эйләп, оңа ол шири-субхан,
Керамат гөркезди ол Шахымердан,
Җөхит болуп өз ишинден пушейман,
Ахыр ягшылыга дөнди, яранлар.

Әр-хатын икиси келеме айдып,
Мусулман болдулар райындан гайдып,
Булар бу иш билен мырада етип,
Худага көп шүкүр кылды, яранлар.

Гарып Магтымгулы асы-гүнәкәр,
Гүнәхим багышла, я первердигәр,
Окыган бендеден көп умыдым бар,
Дога кылгын дийип айтды, яранлар.