Magtymguly

Saýlanan eserler.  Iki Tomlyk.  Düz.: A. Nazarow, A. Mülkamanow, M. Öwezgeldiýew we başg. – A.: Türkmenistan, 1983

 

ÝUWTUP BARADYR

 

 

Kimler diýer: dünýä ýalançy, pany, 

Süren armandadyr, ötüp baradyr. 

Kimler elde tutup bu giň jahany,

Halal, haram, baryn ýuwtup baradyr.

Mertler gezer boldy namarda bagly,

Şirleriň tilkiden ýüregi dagly,

Pir bolup, peş* orap, betpäl seg** ogly,  

Haram nebsin öňe tutup baradyr. 

Binamys beg boldy, asylly azdy,

Azazyl dünýäniň syratyn bozdy,

Tüpbozan köpeldi, ýurt-bina tozdy,

Dogan, dost bir-birin ütüp baradyr. 

Sözleşirler näme gelse dahana,

Ol hupbul-watandan*** tapyp bahana, 

Bak ahuna, pire, soltana, hana,

Gurt deý gandym diýip, ýortup baradyr.

Magtymguly, zemin meňzär saraýa,

Ynsan bir mur****, ýygyp üýşir bu jaýa,

Olar jennet üzre dowzaha taýa,

Çagyran dek bolup, ýetip baradyr.

 

* peş – selle
** seg – it.
*** hupbul-watan – watan söýgüsi.
**** mur – garynja.